Arkadag şäheriniň 2 ýyllygy mynasybetli jaýlaryň açylyş dabarasy
Arkadag şäheriniň 2 ýyllyk toýy mynasybetli ähli amatlyklary bolan jaýlaryň açylyp ulanylmaga berilmegine bagyşlanan dabarada Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplaryndan düzülen tans topary, ümeçi gyzlar we aýdym-saz topary çykyş edip çäräniň hasda milli röwüşde şowhunly bolmagyna ýardam etdi.
Baýramçylyk dabarasynda sungat mekdebiň sazandalar topary çykyş eden aýdymçylara sazandarlyk etmek bilen talyplardan düzilen tansçylar toparynyň ýerine ýetiren küşdepdi tansy çäräniň hasda gyzykly geçmegine täsir etdi.
“Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň
mugallymy Kadyrmyrat GURBANOW