Hoşallyk maslahaty
Düýn Arkadag Şäher häkimliginiň tomaşaçylar zalynda Arkadag şäheriniň açylyp ulanylmaga berilmeginiň iki ýyllyk toýy mynasybetli aýdym-sazly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda ilki bilen birleşen bagşy – sazandalar topary aýdym ýerine ýetirdiler. Soňra bolsa Arkadag şäheriniň degişli ýolbaşçylary hem-de birnäçe pudaklarda zähmet çekýän ýolbaşçylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.
Hoşallyk maslahatynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary aýdym-saz toparlary öz aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler.
“Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň
mugallymy Kadyrmyrat GURBANOW