RÖWŞEN GELJEK ÝAŞLAR ÜÇIN
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
– Watanyňy söýmekden, oňa guwanyp, mertebesini has-da beýgeltmekden, barha
gülläp ösmegine goşant goşmakdan uly bagt ýokdur.
Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, mähir yhlasyndan bina bolan, sebitde ýeketäk «akylly» şäher – ajaýyp Arkadag şäherinde ýaşaýan, zähmet çekýän, ylym-bilim alýan watandaşlarymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak şatlykly toýlara, uly-uly üstünliklere we beýik ýeňişlere beslenýär. Ýaşlaryň, ýaşlygyň, joşgunyň şäheri bolan Arkadag şäheriniň Medeniýet toplumynda geçirilen döredijilik duşuşygy hem örän täsirli geçen çäreleriň biri boldy. Arkadag şäheriniň häkimliginiň hem-de «Arkadag» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen dabara «akylly» şäherde zähmet çekýän hünärmenler, edebiýat, sungat bilen içgin gyzyklanýan ýaşlar, çeper sözüň çyn aşyklary gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynda çykyş edenleriň ählisi halal zähmetiň gaýnap joşýan mekanynda, çyn ýürekden edilýän arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesinde ak güllerden boglan çemen ýaly, gijeleri nurana, gündizleri asuda – Arkadag şäherinde geçýän her bir günüň ylhamyňy joşdurýandygyny gaýta-gaýta aýtdylar. Çykyş edenler Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Watanymyzyň geljegini ýaşlara baglaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp ýurdumyzyň gülläp-ösmegine, halkara abraýynyň dünýä ýüzünde ýaýbaňlanmagyna mynasyp goşant goşmaklaryny özlerine belent borç hasap edýändiklerini nygtadylar. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadag şäheriniň 2 ýyllygy mynasybetli şäheriň döwletli-derejeli üstünliklerini, şäheriň durmuşyndaky taryhy wakalary wasp etmekde, geçirilýän çärelerdir dabaralarda döredijilik zehini bilen tapawutlanyp, milli Liderimiziň howandarlygynda çap edilýän «Arkadag» gazetinde döwrüň sesine mynasyp ses goşýan ýaşlaryň birnäçesi Hormat haty we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Olaryň arasynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymynyň bolmagy örän buýsandyryjy we guwandyryjy habar. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar islendik ugurda döwrebap bilim almak, hünär edinmek we kämilleşmek üçin döredip berýän şertdir mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.
Gülälek AKMYRADOWA,
«ÜKÇSG» bölüminiň müdiri