Gözel Şagulyýewanyň 85 ýaş toýy: Türkmen medeniýetiniň baýramy

2025-nji ýylyň awgust aýynyň 11-ne türkmen halkynyň söýgüli şahyry, hormatly medeniýet işgärleriniň biri Gözel Şagulyýewa 85 ýaş toýuny bellenildi. Bu şanly senäniň hormatyna Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen dabaraly çäre, halkymyzyň medeni mirasyna goýulýan sarpanyň aýdyň beýany boldy.
Dabarada Türkmenistanyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan iberilen gutlag hatlary okaldy we ter çemenleri gowşuryldy. 
Teatryň sahnasynda edebi-sazly kompozisiýa görkezildi we şahyryň ömrüne, döredijilik ýoluna bagyşlanan wideoşekiller halkyň dykgatyna ýetirildi.
Bu medeni çärä Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite Sungat mekdebiniň mugallymlary hem gatnaşdy.
Gözel Şagulyýewanyň 85 ýaş toýy diňe bir şahsy baýramçylyk däl, eýsem türkmen halkynyň medeni baýlygyny, edebi mirasyny we döredijilik ruhuny dabaralandyrýan uly medeni waka boldy. Bu dabarada ýaş nesliň, sungat mekdepleriniň, döwlet ýolbaşçylarynyň we halkara guramalarynyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da belent derejä çykardy.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm