Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Şu gün Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde şäheriň degişli guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk täze okuw ýylyna başlajak ýaşlaryň jemgyýetçilik düşünjesini ösdürmek we olaryň şahsy jogapkärçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen guraldy.
Duşuşygyň dowamynda ýaşlaryň jemgyýetde özüni alyp baryş medeniýeti, jemgyýetçilik kadalaryna hormat goýmak, şeýle hem birek-birege düşünişmek we goldaw bermek ýaly temalar boýunça giňişleýin gürrüň berildi. Wekiller ýaşlaryň durmuşda ýüze çykyp biljek dürli ýagdaýlara düşünmeklerini we oňa dogry çemeleşmeklerini gazanmak üçin tejribeli mysallar bilen çykyş etdiler.
Mekdep ýolbaşçylary şeýle çäreleriň ýaş nesliň ruhy-ahlak taýdan kemala gelmegine, olaryň döredijilikli pikirlenmegine we jemgyýetde işjeň gatnaşmagyna oňyn täsir edýändigini bellediler.