“Dünýä syry bilen bilim açylýar”
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda döwletimizde okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaňy ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda “Dünýä syry bilen bilim açylýar” atly gezelençli söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlige Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň kitaphana bölüminiň müdiri Hurma Orazmuhammedowa we I ýyl talyplary gatnaşdylar. Täze okuw ýylynda talyp bolmak bagty miýesser eden talyp ýaşlar öz ýürek buýsançlaryny beýan edip gezelençli söhbetdeşlik geçirdiler.
“Kitaphana bölüminiň müdiri”
Hurma Orazmuhammedowa