Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan täze sazlar Arkadag teleýaýlymyna ýazgy edildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde döredijilik bilen baýlaşdyrylan medeni çykyşlar geçirildi. Çykyşlaryň dowamynda täze döredilen saz eserleriniň ýazgysy amala aşyryldy.

“Kirişli saz gurallary” bölüminiň tejribeli mugallymy Annaçaryýew Söhbet, şeýle hem “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň ussat mugallymy Rahymow Amanguly tarapyndan Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanyp döredilen täze öwüşginli sazlar Arkadag teleýaýlymynyň döredijilik topary tarapyndan ýazgy edildi.

“Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň
 mugallymy Gurbanow Kadyrmyrat

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm