Kitaplar – dünýä syrlarynyň açary!

   Parahatlygyň, agzybirligiň, dost – doganlygyň mekany bolan gözel ýurdumyzyň şan – şöhratly ösüşleri, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, bedew batly ýollarda, has kämil derejelerde öňe barýar. Ýurdymyzda biz bagtyýar talyplaryň, türkmen ýaşlarynyň oňaýly şertlerde bilm – terbiýe almaklarymyz üçin ähli şertler döredilen. Dünýä nusgalyk bolan, akylly şäher konsepsiýasy esasynda gurulan arkadag şäheriniň iň bir gözel ýerlerinde ýerleşýän Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde okuw sapaklary hem – de birnäçe ajaýyp gyzyklanmalar döretýän saz gurnaklary elektron enjamlar bilen üpjün edilen synp otaglarynda okadylýar. Esasan – da okuw kitaphanamyzda çap edilen kitaplardan daşgary elektron kitaplarynyň girizilmegi biz bagtyýar talyplaryň kitaba bolan gyzyklanmasyny hasda artdyrdy we dünýä garaýşymyzy giňeltmäge oňyn täsir etdi. Bu babatda biziň ýörite sungat mekdebimizde elektron kitaplar bilen has içgin tanyşmak hem – de ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatyny biz ýaşlara wagyz etmek maksady bilen  yzygiderli çäreler geçirilip durulýar. Muňa mysal hökmünde ýaňy – ýakynda hem sungat mekdebiň okuw kitaphanasynyň hem – de sanly ulgamyň bilelikde gurnamagynda çäre geçirildi. Şular ýaly geçirilýän çäreleriň esasynda biz ýaşlaryň okamaga, öwrenmäge, döretmäge bolan höweslerimiz has – da artýar. Şeýle – de ýurdymyza, halkymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegimiz üçin özümize bolan ynamymyzy has – da artdyrýar.
  Bize şular ýaly ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän, sungat äleminde, bilimler äleminde belent sepgitlere ýetmegimiz üçin bize halypa bolup durýan Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

“Sazyň taryhy we nazaryýeti ” bölüminiň
 III ýyl talyby Altynaý Ataýewa.  

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm