Talyplary Wertual dünýäsi bilen tanyşdyrmak

            Parahat, asuda – abadan, dost – doganlygyň mekany bolan Garaşsyz hemişelik baky Bitarap ýurdumyzyň her bir güni toýdyr baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz, tagallalary netijesinde biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, sungat äleminde belent sepgitlere ýetmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Köpetdagyň etegini bezäp oturan gözel Arkadag şäherinde ýerleşýän Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebimizde bilim almak üçin ähli oňaýly şertler döredilen. Biziň bilim alýan synp otaglarymyz häzirki döwrebap enjamlar, inowasion tehnalogiýalary bilen enjamlaşdyrylan. Biz talyp deň – duşlarymyz bilen sapaklarymyzdan boş wagtlarymyz inowasiýanyň bir görnüşi bolan Wertual äýnekler bilen tanyşdyk. Onda birnäçe oýunlar, sportyň görnüşleri, horeografiýa sungatyna degişli tanslar we saz sungatyna degişli bolan birnäçe ölçegli drižýorlyk etmek görnüşi hem bar. Biz talyplar bu täsin sapaga gatnaşyp inowasianyň täze görnüşinden peýdalandyk.
    Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, sungat äleminde belent sepgitlere ýetmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli talyp ýaşlaryň adyndan köp sagbolsun aýdýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ýurdumyzy gülletmekde, medeniýetimizi, sungatymyzy has – da kämilleşdirmekde alyp barýan döwletli işlerinde uly rowaçlyklary arzuw edýärin.
  
“Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” 
bölüminiň III ýyl talyby Oguljahan Toşşyýewa.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm