2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda döwrümiziň iň döwrebap şäheri bolan Arkadag şäherinde ýetip gelýän beýik baýramçylyk – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryň öýleriniň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýiti binagärlik zehininden dörän täze, häzirki zaman şäheriň ýaşaýyş jaýlaryndan täze öý edinen bagtyýar ýaşaýjylar üçin beýik baýramçylyk mynasybetli ajaýyp toý sowgady boldy. Dabarnyň şowhunyna Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň tans topary hem özleriniň tanslary bilen goşant goşdylar.