Maslahat
Ýaňy ýakynda Arkadag şäheriniň 3-nji orta mekdebinde üstünlikli geçen Halk Maslahatynda kabul edilen kararlary halka düşündirmek maksady bilen maslahat geçirildi. Maslahatda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary özleriniň aýdym sazly çykyşlary bilen maslahatyň hasda täsirli geçmege goşant goşdular.
Bilşimiz ýaly parahatçylyk bolan ýerde agzybirlik höküm sürýär. Agzybirligiň bar ýerinde abadanlyk ýar bolup. ondan rysgal-döwletlilik gözbaş alýar. Hut şoňa görä-de, şanly garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň altyn güýzinde, has takygy, 19-njy sentýabrda paýtagtymyz Aşgabatdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden hem-de häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alnyp geçirilen umumy-milli Jarnamada ýurdumyzyň iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, döwletli çözgitler kabul edildi. Halk bilen geňeş edilip, diňe halkyň bähbidine — bagtyýarlygyna we abadanlygyna gönükdirilen bu çözgitler ähli watandaşlarymyzy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşdirýär, Munuň özi türkmeniň Oguz handan gaýdýan döwletlilik ýolunyň, asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleriniň dowamat-dowamdygynyň aýdyň ýüze çykmasydyr.
“Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň mugallymy
Kadyrmyrat Gurbanow