«Arkadag» futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň ilkinji duşuşygynda «Andijon» topary bilen deňme-deň oýnady

«Arkadag» futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň «B» toparçasyndaky ilkinji duşuşygynda Özbegistanyň «Andijon» topary bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnap, ilkinji utugyny gazandy.

Duşuşyk 10 müň tomaşaçy üçin niýetlenen janköýerler bilen doly Arkadag şäherindäki stadionynda geçirildi.

Duşuşykda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary we mugallymlary Arkadag futbol toparyna janköýerlik etdiler.

«Arkadag» we «Andijon» toparlary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň ilkinji gatnaşyjylarydyr. «Arkadag» topary bu abraýly ýaryşa 2024-2025 AFK-nyň Çagyryş ligasynyň (Aziýada üçünji derejeli ýaryş) ýeňijisi bolmagy netijesinde gatnaşýar. «Andijon» topary bolsa geçen ýyl Özbegistanyň kubogyny ilkinji gezek gazanyp, AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Häzirki wagtda «Arkadag» topary 100 göterim netije bilen Türkmenistanyň çempionatynda ynamly öňe saýlanýar. Kiýewiň «Dinamo» toparynyň öňki belli futbolçysy 47 ýaşly Maksim Şaskih tarapyndan tälim berilýän «Andijon» topary bolsa, geçirilen 20 duşuşykdan soň Özbegistanyň Naýbaşy ligasynda 16 toparyň arasynda 11-nji orny eýeleýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm