Şanly garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy mynasybetli Arkadag şäherinde Döwlet Baýdagymyzyň galdyrylyş dabarasy geçirildi

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” her bir güni toýdur baýramlara beslenýän eziz Watanymyzda sentýabr aýynyň 27-sine ir säher bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly Şany garaşsyzlygymyzyň XXXIV ýyllyk toýy mynasybetli gözel Arkadag şäheriniň baş baýdak meýdançasynda döwlet badagymyzyň galdyrylyş dabarasy uly şatlyk – şowhuna beslendi. Dabaranyň başynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bagtyýar talyplarynyň hem – de aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň döwlet senasy ýaňlandy. Türkmenistanyň döwlet senasynyň ýaňlanýan pursatynda Türkmenistanyň döwlet baýdagy asmana galdyryldy. Soňra bolsa Arkadag şäheriniň häkimi Mämmedowa Gülşat Sahyýewna uly hormat bilen söz berildi. Dabaranyň dowamynda Arkadag şäheriniň ýaşulylary, kümüş saçly enelerimiz we Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynyň işgerleri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de ähli türkmen halkymyzy Şanly garaşsyzlygymyzyň XXXIV ýyllyk toýy bilen gyzgyn gutladylar. Aýdym-sazly çykyşlara beslenen bu ajaýyp dabara ýatdan çykmajak taryhy waka öwrüldi.

 “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň 
II ýyl talyby Leýli Orazgulyýewa.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm