Şanly garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy mynasybetli geçirilen dabaraly ýöriş

 Parahatlygyň, abadanlygyň, dost-doganlygyň ýurdy bolan, ösüşleri bedew – batly ýollarda şöhratlanýan eziz Watanymyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Şany garaşsyzlygymyzyň XXXIV ýyllyk dabarasy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly şatlyk – şowhuna beslenip, medeniýet we sungat ussatlarynyň hem-de bagtyýar raýatlaryň dabaralandyrmagynda ýatdan çykmajak wakalara öwrüldi. Taryha altyn harplar bile ýazylýan ajaýyp wakalaryň biri hem Şany garaşsyzlygymyzyň XXXIV ýyllyk toýy mynasybetli Aşgabat şäherinde ýerleşýän baş münberde geçirilen dabaraly ýörüşdir. Bu ajaýyp dabaraly ýörişe ýurdumyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Arkadag şäherinde ýerleşýän Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bagtyýar talyplarynyň hem-de tans toparynyň ilkinji gezek gatnaşmagy we üstünlikli çykyş etmegi biz bagtyýar talyp ýaşlar üçin ýatan çykmajak ajaýyp pursatlara öwrüldi.
   Biz ýaşlara şular ýaly ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän, halkyny bagtly durmuşda ýaşatýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda okamaga, öwrenmäge, döretmäge, sungat äleminde belent sepgitlere ýetmäge çäksiz mümkinçilikler bar. Çünki Garaşsyz hemişelik baky Bitarap ýurdymyzda “Döwlet adam üçindir” diýen şygar baky sena bolup ýaňlanýar.


 “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň 
III ýyl talyby Altynaý Ataýewa.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm