Watana bolan söýginiň dabarasy: Mekdep talyplary ýadygärlikler toplumyna gezelenç etdiler
2025-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary mugallymlaryň ýolbaşçylygynda Aşgabat şäherindäki Ýadygärlikler toplumyna we Watan Mukaddesligi muzeýine medeni-mazmunly gezelenç etdiler.
Bu gezelenç ýaş nesliň watançylyk ruhuny terbiýelemek, taryhy hakynda giňişleýin düşünje bermek hem-de medeni mirasa bolan hormaty ösdürmek maksady bilen guraldy. Talyplar muzeýde ýerleşdirilen taryhy resminamalar, gahrymançylykly wakalary beýan edýän eksponatlar bilen tanyşdylar. Şeýle hem, Ýadygärlikler toplumyndaky binagärlik aýratynlyklary we simwoliki şekiller barada giňişleýin maglumat berildi.
Gezelenç wagtynda talyplar Watanyň mukaddesligine, geçmişe hormat goýmagyň ähmiýetine, şeýle hem häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ösüş ýoluna degişli pikir alyşdylar. Mugallymlar tarapyndan berlen düşündirişler ýaşlaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrdy.
Bu medeni çäre Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň okuw-terbiýeçilik işleriniň bir bölegi hökmünde, ýaş nesliň watana bolan söýgüsini we medeni mirasa hormatyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Gezelençde "Türkmen milli saz gurallary bölüminiň" 2-nji talyby Rahat Babaýew "Gahrymanlar unudylmaýar" diýen täze döreden goşgusyny hem okap berdi.
Gahrymanlar unudylmaýar
Watan diýip, başyn goýup söweşen
Mukaddes topragy, gorap göreşen
Nesiller üçin şirin janyn goýuşan
Gahrymanlar unudylmaýar, hiç haçan.
Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar
Ak geljegiň, ýagty ýoluny açan
Sizi ýatlap ýüreklerimiz gyýylýar
Gahrymanlar unudylmaýar hiç haçan.
Unutmarys, ýaşarsyňyz, siz baky
Ornuňyz belentdir, siziň kalpdaky
Arkadag Serdarly watanymyzdaky
Gahrymanlar unudylmaýar hiç haçan.