9 aýyň jemleri boýunça ýygnak: Medeniýet ministrliginde işleriň netijeliligi seljerildi

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde 2025-nji ýylyň ilkinji 9 aýynyň jemlerine bagyşlanan iş maslahat-ýygnagy geçirildi. Ministrligiň ýolbaşçylary, degişli bölümleriň hünärmenleri hem-de welaýat medeniýet müdirlikleriniň wekilleri ýygnaga gatnaşdylar.
Maslahata Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň ýolbaşçylary hem gatnaşyp, mekdebiň döredijilik we bilim ugrunda alyp barýan işleri barada maglumat berdiler. Mekdebiň wekilleri tarapyndan talyp döredijiliginiň ösdürilmegi, sanly bilim platformalarynyň orny, şeýle hem medeni mirasa bolan hormaty terbiýelemek boýunça alnyp barylýan işler beýan edildi.
Ýygnagyň dowamynda welaýatlarda geçirilen festiwallar, sergiler, konsertler we döredijilik bäsleşikleri barada hasabatlar diňlenildi. Şeýle hem, halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi, medeni diplomatiýanyň ösdürilmegi bilen bagly meseleler boýunça teklipler öňe sürüldi.
Ministrligiň ýolbaşçylary tarapyndan öňde goýlan maksatnamalaryň ýerine ýetiriliş derejesi boýunça degişli bölümlere görkezmeler berildi. Geljekki aýlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler, täze taslamalar we sanly platformalaryň orny aýratyn nygtaldy.
Bu ýygnak Medeniýet ministrliginiň işiniň yzygiderli seljerilmeginiň we netijeliliginiň ýokarlandyrylmagynyň möhüm bölegi bolup durýar.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm