“Ýaşlar – Watanyň daýanjy, Berkarar döwletiň sütüni”
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
– Ýaşlary ata Watanymyzyň azatlygy we rowaçlygy barada arzuw eden hem-de ozaly bilen mähriban ojagynyň mukaddesligini we şahsyýetiň mertebesini ileri tutan ata-babalarymyzyň mysalynda terbiýelemelidiris.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy, ylym öwrenmegi, hünär edinmegi, milli ruhumyza, kämil ýol-ýörelgelerimize laýyk edepli-terbiýeli, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Ýaşlara berilýän bilimiň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, dünýä ülňülerine görä döwrebaplaşdyrmak maksady bilen ýurdumyzda sanly bilim ulgamy ornaşdyryldy. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň esasy şertleriniň biri raýatlaryň, esasan-da, ýaşlaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Mekdeplerde interaktiw tagtalaryndan peýdalanylmagy, ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim portallarynyň, kitaphana portallarynyň döredilmegi, sapaklaryň sanly ulgam arkaly geçilmegi, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň arasynda onlaýn sapaklaryň guralmagy ýaşlaryň netijeli bilim almaklaryny kepillendirýär.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ylym we bilim adamzadyň ähli ösüşleriniň hem-de özgerişleriniň esasyny düzýän, islendik ýurduň geljegini, halkyň ykbalyny kesgitleýän gymmatlykdyr. Şonuň üçin hem Garaşsyz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek, bagtyýar durmuşymyz hem-de beýik geljegimiz üçin ylymly-bilimli, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek, ýaşlarymyzy mynasyp adamlar edip ýetişdirmek üçin yzygiderli alada edilýär. Sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, sanly bilim ulgamynyň ösüşi çaltlandyrylýar. Ylymyň soňky gazananlaryny hem-de okatmagyň innowasion usullaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmagyň gerimi giňeldilýär. Bu bolsa bilimiň hiliniň ýokary derejä laýyk bolmagyny üpjün etmek bilen, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermäge giň ýol açýar.
Ata-babalarymyzdan miras galan “Şägirt halypadan ozdurmasa, hünär ýiter”, “Halypasyz ussa bolmaz, tagsyrsyz molla”, “Hünärli ýigit – miweli agaç”... diýen nakyllardan ugur alyp Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň okuw otagynda “Halypa sagady” dersi boýunça “Ýaşlar – Watanyň daýanjy, Berkarar döwletiň sütüni” atly okuw sapagy geçirildi. Sapagyň maksady Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň many-mazmunyny we döwlet ýaşlar syýasatyny wagyz etmekden ybarat boldy. Halypalardan tälim almaga, ajaýyp Arkadag şäherinde okamak üçin döredip beren şertleri üçin talyplar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.
“ÜKÇSG” bölüminiň müdiri
Gülälek AKMYRADOWA