Hatyra güni

       Parahatçylygyň, asudalygyň, dost-doganlygyň mekany bolan Türkmenistan ýurdumyzda, şöhratly taryhymyza, baý medeni mirasymyza uly sarpa goýulýar. Taryhda türkmen halkymyzyň ýowuz günlerini başdan geçirendigini görmek bolýar. Merdana  ata-babalarymyzy hatyralap, her ýylyň 6-njy oktýabrynda “Hatyra güni” bellenilip geçirilýär. “Hatyra güni” mynasybetli Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň halypa mugallymlarynyň şeýle-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda, Arkadag şäheriniň, taryhy medeni ýadygärlikler seýilgähinde “Arkadag” teleýaýlymy bilen bilelikde gepleşik ýazgy edildi. Ol ýerde gadymy medeni taryhy ýadygärliklerimiziň suraty açyk howada ýerine ýetirildi. 

                                               “Dizaýn” bölüminiň 3-nji ýyl talyby
 Ogulşat Saparowa

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm