Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy
ÝUNESKO-Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasy Fransuz Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýär.
Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda degişli resminamany ratifisirlemek arkaly YUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda Türkmenistan YUNESKO-nyň “Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky” Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde taryhy we medeniýet ähmiýetli 1000-den gowrak ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy.
Türkmen halky öz milliligini asyrlar boýy ýitirmän gelýän döwletdir. Şol milli gymmatlyklarymyzyň arasynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilenleri hem bar. 2015-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Windhuk şäherinde geçirilen mejlisiniň barşynda ,,Görogly” şadessanynyň hödürnamasyna seredildi we ony ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Köpmilletli “Nowruz baýramy” hödürnamasyna 2016-njy ýylyň 30-njy noýabryda Addis-Abebada geçirilen maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça geçirilen mejlisiniň barşynda seredildi we ol ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizildi. “Küşdepdi”-bu gadymy türkmen tansy we aýdymy bolup, ol 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Türkmen halysy-asyrlaryň jümmüşinden geçip, öz nagyşlarynda taryhy we türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny şöhlelendirýär. 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda “Türkmenistanyň milli halyçylyk sungaty” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Dutar-türmen halkynyň saz medeniýetiniň möhüm guraly. Diýarymyzyň bagşy-sazandalary dutarda ussatlyk bilen saz çalyp, ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirýärler. 2021-nji ýylyň dekabr aýynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen mejlisinde “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmen gelin-gyzlarymyzyň el hünäri bolan, gözelligi bilen hemmeleri haýrana goýýan el keşdämiz 2022-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde geçirilen mejlisinde “Türkmen keşdeçilik sungaty” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Ahalteke bedewiniň gadymdan gelýän şan-şöhraty örän ulydyr. 2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda “ Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girzildi. 2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama gowşuryldy.
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher
ýörite sungat mekdebiniň “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň II ýyl talyby Gültäç Berdiýewa