Bijeli welosiped
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrinde her bir ynsanyň sagdyn bedenli sagdyn ruhly bolmagy üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Ýaňy ýakynda Ekologiýa taýdan arassa Arkadag şäherinde belli futbol toparynyň biri bolan “Ahal” we “Al-Husseýn” futbol toparlarynyň gatnaşmagynda Arkadag stadionynda futbol ýaryşy geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ýaryşa Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we bagtyýar talyp ýaşlary bilen bilelikde futbol oýnuna janköýerlik etmäge gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen futbol ýaryşyndan soňra, biz ýaşlary bedenterbiýä we sporta höwesimizi artdyrmak maksady bilen bijeli saýlowyň üsti bilen birnäçe gymmat bahaly sowgatlar futbol janköýerlerine gowşuryldy. Olaryň arasynda maňa hem welosiped sowgadyny almak miýesser etdi.
Biz ýaşlaryň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegimiz üçin şeýle mümkinçilikleri döredip beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsun aýdýarys. Goý olaryň janlary sag ömürleri uzak, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri rowaç alsyn.
“Saz mugallymy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby
Pälwanowa Näzik