Portret sergisi
Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda sungatymyzy ösdürmek-de, ony dünýä tanatmakda uly mümkinçilikler döredilýär. Ýaňy ýakynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde “Nakgaşçylyk” we “Dizaýn” bölüminiň talyplarynyň gatnaşmagynda, döredijilikli, bäsleşikli portret sergisi gurnaldy. Sergi bäsleşigine Türkmenistanyň belli ussat bagşydyr, sazandalarynyň, horeografiýa sungatynda zähmet çeken ussatlaryň hem-de talyp ýaşlarymyz öz awtoportretleriniň çeper keşplerini hödürlediler. Döredijilik sergide “Kirişli saz gurallar” bölüminiň talyplarynyň ýerine ýetiren sazlary, sungat eserleri bilen utgaşyp sergä gatnaşanlarda üýtgeşik täsir galdyrdy. Serginiň dowamynda mekdebimiziň ýolbaşçylary bäsleşige gatnaşan talyplaryň ählisine döredijilik ýolunda uly üstünlikleri arzuw etdiler.
“Nakgaşçylyk” we “Dizaýn” bölüminiň mugallymy
Hojaniýazowa Begsenem