Parahatçylygyň owazy

Saz ynsanyň göwün syrdaşy. Adamzat döräli bäri, ösen jemgyýetleriň aladasy parahat, agzybir, asuda geljegiň binýadyny gurmak bolup durýar. Iň uly baýlyk parahatçylyk. Parahatçylygy döredýän gudrat bolsa saz. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan gaýdýan ýol-ýörelgä eýerlip häzirki döwürde hem sazyň üsti bilen parahatçylygy gazanyp bolýandygy biziň halkymyzyň aňyna siňen. Şonuň üçin hem geçirilýän aýdym-saz festiwallary, bäsleşikleri, konsertleri munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şu gün bolsa Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde aýdym-sazly konsert geçirildi. Konsertde mekdebiň kamera orkestri we orkestriň dirižýory Guwançmuhammet Saparalyýew özleriniň taýýarlan çykyşlaryny görkezdiler. Konsert diýseň gyzykly we täsirli boldy. Ýerine ýetirilen türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň “Nowruz”, “Baky söýgi”, “Gadagan söýgi”, “Arçah”, “Ýagyşly gün”, “Leýla” atly professional eserleri oturan myhmanlarda, talyplarda, mugallymlarda uly gyzyklanma döretdi. Daşary ýurt eserleriň ýerine ýetirilmegi bolsa ýurdymyzyň dost-doganlyk köprüsiniň mäkämligini subut edýär. Biz talyp ýaşlara, bütin türkmen halkymyza okamaga, öwrenmäge, şunuň ýaly owadan sahnalarda çykyş etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsynlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun. Tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

“Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary”
                                                         bölüminiň  III ýyl talyby Aýgül Nurlyýewa. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm