Türkmeniň köňül owazy dutar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda medeniýet we sungat äleminde uly üstünliklere eýe bolunýar. Bedew bady bilen öňe barýan asuda, abadan, parahat ýurdumyzyň durmuşyndaky şatlykly wakalar bagtyýar halkymyzy täze ýeňişlere, belent maksatlara ruhlandyrýar. Häzirki döwürde ýurdymyzy ähli ugurlar boýunça düýpli ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar abadan durmuşyny üpjin etmek, mähriban Watanymyzyň halkara abraýyny belende götermek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri senetçiligiň, ussaçylygyň we sungatyň mekanydyr. Dutar ýasamak senetçiligini sungat derejesine ýetiren, halkymyzyň dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty dünýä gymmatlyklarynyň genji – hazynasynda orun aldy.
Häzirki döwürde halkymyzyň dünýä medeniýetinde özboluşly orun alan aýdym-saz sungatyny, medeni – mirasyny gadymy gymmatyklaryny düýpli öwrenmek, wagyz etmek we dünýä ýaýmak ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirilýär. Milli mirasymyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary netijesinde gadymýetden gözbaş alyp gaýdýan, şan-şöhraty täze belentliklere göterilýän medeni – gymmatlyklarymyzyň, sungatymyzyň aýry – aýry görnüşleri gaýtalanmajak esere öwrülip ählumumy derejede ykrar edilýär. 2021-nji ýylda türkmeniň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy –däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilendigi baradaky hoş habar aýdylanlaryň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Dutar barada halkymyzyň arasynda birnäçe rowaýatlar bar.
Olaryň ýörgünlileriniň biri hem Babagambaryň dutar ýasaýşy we aty oýnadyşydyr.
Ol rowaýatda şeýle aýdylýar.
Dutaryň piri Babagambar ökde seýis eken. Onuň bakýan atlary seýisiň athanada çalýan sazlaryna hem endik edenmişler. Atlaryň arasynda biri Düldül saza hasam maýyl bolanmyşyn. Günlerde bir gün bu gyzdan owadan gylykly, juda owadan atyň tarypy beýik arap serkerdesi Hezreti Ala ýetenmişin. Onuň buýrugy bilen Düldül serkerdäniň ýanyna getirilip, bakyp bejerilip başlanypdyr. Ýöne at hiç zat iýmän içmän ýüzüni sallap durmuş. Ine onsoň bilermenler kitap açyp atyň saz küýseýändigini, onda-da öz seýsiniň sazyny küýseýändigini aýdypdyrlar. Babagambar getirilipdir. Düldül diňe işdäsi däl, şähdi, açylyp oýnap böküpdir.
Saz haýwana şeýle täsir edýän bolsa, ynsan hakda gürrüňem ýok. Sazda hakykatdanam beýik gudrat bar. Ol adamy jadylap agladybam bilýär, güldüribem. Ata “Ganat berýän” saz gerek ýerinde adama güýç kuwwat beripdir. Görüp otursak Göroglynyň söweşiniň öň ýanynda ýigitlerine saz bilen ýüzlenmegi ýöne ýerden däl eken. Ol ýigitleriň ruhuny göterip güýjüne güýç goşupdyr. Elbetde sazyň düýp mazmuny diňe çözgüt meselesi bolmak däl. Ol halkyň ruhy rahatlygynyň esasy çeşmeleriniň biridir. Türkmeniň jadyly sazy onuň ömür ýoldaşydyr.
Hawa, dutar – türkmeni bir bitewi göwrä jebisleşdirýän ruhy güýç, jadylaýjy gudrat. Türkmen dutary parahatçylygyň ilçisi. Ol ýeri gelende at-ýaragyň, gylyjyň bitirip bilmejek wezipesini ýerine ýetiripdir. Şükür bagşynyň agasyny halas etmek üçin gylyjy däl-de, dutary saýlmagy türkmeniň ýaşaýyş pelsepesini özünde jemleýär.
Şükür bagşy: “At ýaragyň bitirýän işini dutar bitirip bilmezmi?” diýip soraýar. Başyna iş düşende şu soragda onuň bütin ömrüniň manysy jem bolýar. Şükür bagşy şeýtmek bilen doň ýürek hanyň däl, ýönekeý raýatlaryň köňlüne barýan ýoly saýlapdy. Hut şonuň üçin hem adalat dabaralanypdy. Onuň elindäki ýaragy gylyç däl-de, parahatçylygy ündeýän gazma dutardy.
Sazanda rehimsiz hanyň garşysyna obadaşlarynyň teklip edişi ýaly, at – ýaragly hem gidip biljekdi.
“Özüniň iki heňine dünýäniň ýüzüsini bermek bolar” diýýän obadaşlarynyň ýygnan altyn kümüş teňňeleri bilende agasyny halas edip biljekdi. Emma ol beýtmedi. Hanyň huzuzryna türkmeniň altyndan kümüşden-de arzylaýan sazy bilen çykdy.
Netijede, Şükür bagşynyň iki tarly dutarynyň gudratyna bolan beýik ynamy adalatyň dabaralanmagyna eltdi. Meşhur bagşylaryň ynsanyň köňlüni päkleýän, ýüregine ynjalyk berýän, göwnüne teselli bolýan, ömrüne –ömür goşýan naýbaşydyr aýdym sazlary türkmeniň bereketli topragynda bitýän güllere deňelýär. Türkmen saz sungatynyň halypalary hakynda söhbet edilende Kel bagşy, Şükür bagşy, Hally bagşy, Çowdur bagşy, Täçmämmet Suhangulyýew, Sahy Jepbärow, Mylly Täçmyradow, Magtymguly Garlyýew zenan bagşylardan Akjagül Myradowa, Sülgün Meretgeldiýew, Nabat Nurmuhammedowa ýaly türkmen mukamlarynyň ençemesini döreden ösdüren ägirt halypalaryň bitiren hyzmatlary yhlasy döredijilikli hyzmatdaşlygy halypa şägirtlik ýoly şu günki günde ýokary derejelere ýetirildi.
Kerim Gurbannepesowyň setirlerindäki täsiriň güýji we pikiriň çuňlugy haýran galdyrýar. Şahyr meşhur Sahy Jepbarowyň ýoluny dowam etdirijilere ýüzlenýär.
Ýene bir asyrdan, müň asyrdan soň.
Dünýäde ýitäýse bar bagşy ady
“Bagşysyz ildenem il bormy diýip”
Böküp turar Jepbar agaň zürýady.
Ata babalarymyzdan miras galan saz
sungaty – milletiň gymmatly hazynasydyr. Halk sazlarynyň heňinde halkyň köp asyrlyk taryhynyň ýaňy eşidilýär. Türkmen mukamlary simfonýalara meňzeşdir, olar ýerine ýetirilende diňleýjide bolup geçýän hadysalara gatnaşýan ýaly duýgy döreýär. Biziň halkymyz özüniň sazly şahyrana sungatyna örän aýawly garaýar.
Dutar türkmen üçin ýöne bir saz gural däl, ol asyrlaryň jümmüşinden türkmen halkyny birleşdirýän, dost – doganlygy ündeýän we parahatçylygyň ykrar edilen ylham çeşmesi bolup öňe çykýar. Türkmen dutarynyň halkara ykrarnama eýe bolmagynda çuňňur pähim paýhas we many – mazmun bar. Häzirki wagytda ussatlarymyza goýulýan sarpanyň ulydygyny subt etýän birnäçe şahsyýetlerimiziň adyny göterýän bilim ojaklarynyň hem – de sungat ojaklarynyň hatarynda Arkadag şäheriniň gözelligine görk goşýan Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi ussat mukammçy kompazitor, halypa bagşy Sahy aganyň adyny göterýär.
Şular ýaly abadan, asuda, Parahat ýurdumyzda halal zähmet çekmäge, işlemäge, döretmäge, ýaşlarmyza öwüt – ündew bermäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Ýurt bähbitli, tutuş adamzat ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny
hem – de mirasymyzy, taryhymyzy, gadymy sungatymyzy ösdürmekde alyp barýan işlerinde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.
Orazmuhammedowa HURMA
Kitaphana müdiri