“Gyz edebi – il edebi” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
25-nji oktýabrda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde Arkadag şäher häkimligi, Arkadag şäher polisiýa bölümi, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň zenanlar guramanyň gurnamagynda “Gyz edebi – il edebi” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu ýerde gelen myhmanlar şeýle hem ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary çykyş etdiler, çykyş edenler bolsa Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda mährem enelerimize, zenanlarymyza goýulan hormat belent derejelere göterilýär. Maşgala ojagynyň sütüni bolan mähriban zenanlarymyzyň bagtyýar ýaşamagy, halal zähmet çekmegi, döretmegi we ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekleri dogrusynda çykyş etdiler. Şeýle hem talyp gyzlarymyz bilen söhbetdeş bolup ýurdumyzda aýal-gyzlaryň bähbitleri, hukuklary döwlet tarapyndan berk goralýandygyny ýene bir gezek aýtdylar. Zenanlarymyzy hormatlap, olara belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
“Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň mugallymy
Merjen Hojagulyýewa