Türkmenistanyň parahatçylyk syýasaty

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazananyndan soňra ýurdumyz dünýä ýüzünde parahatçylyk, dost-doganlyk we ynsanperwelik ýörelgelerine esaslanýan döwlet hökmünde tanalyp gelýär. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy maksady ähli döwletler bilen deňhukukly, özara hormat goýmak, parahatçylykly gatnaşyklary ösdürmek we dünýäde durnukly ösüşe goşant goşmakdyr.
     Türkmen halky gadym döwürlerden bäri parahatçylygy, agzybirligi we dostlugy ähli gymmatlyklardan ýokary goýupdyr. Bu günki günde hem şol beýik däpler döwrebap döwletiň syýasatynyň esasyny düzýär. Türkmenistanyň halkara derejesindäki parahatçylykly başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýar.
     1992-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynda möhüm waka boldy. Şol senäniň – Bitaraplyk gününiň – döwlet derejesinde bellenilmegi parahatçylyga,              dost-doganlyga we ynanyşmaga bolan ygrarlylygyň nyşanydyr. Türkmenistanyň bitaraplyk derejesi diňe bir ýurdumyzň däl, eýsem, tutuş sebitiň hem durnuklylygynyň kepili hökmünde dünýäde uly ähmiýete eýedir. 
     Bitaraplyk syýasaty esasynda Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary saklaýar. Türkmenistanda parahatçylyk diňe daşary syýasatda däl, eýsem, içerki durmuşda hem esasy orny eýeleýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde asudalyk, jebislik, agzybirlik we döredijilik ruhy höküm sürýär. Ýaş nesil bolsa bu gymmatlyklara sarpa goýmagy, olaryň ähmiýetini düşünip, geljekde olary dowam etdirmäge taýýarlanýar.
     Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we ynsanperwer gymmatlyklaryň daýanç merkezi hökmünde tanalýar.


                                           “Sazyň taryhy we nazaryýeti”                                      
                                            bölüminiň III ýyl talyby Begenç Hajymyradow

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm