Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde zehin bäsleşigi geçirildi

2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde talyp ýaşlaryň arasynda bilim ugrundan zehin bäsleşigi gurnaldy. Bu çäre ýurdumyzyň bilim ulgamynda innowasion çemeleşmeleri ösdürmek, talyp ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olaryň döredijilik ukyplaryny höweslendirmek maksady bilen geçirildi.

Bäsleşik birnäçe ugur boýunça guraldy:
-  Test soraglary
-  Dürli ugurlar boýunça soraglar
-  Interaktiw bilim sorag-jogaplary we döredijilikli pikirlenme tapgyrlary

Çäräniň dowamynda talyplar öz ukyplaryny görkezmek bilen bir hatarda, toparlaýyn işleşmek, milli medeniýetiň öwüşginlerini döredijilik bilen beýan etmek ýaly başarnyklaryny hem kämilleşdirdiler.

Netijede, iň oňat çykyş eden 2-nji ýyllyk talyplar sungat mekdebiň ýolbaşçylary tarapyndan höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglandy.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm