«Ýurdumyzyň rowaçlygy – halkymyzyň bagtyýarlygy» atly ylmy maslahat

Düýn Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäheriniň orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Ýurdumyzyň rowaçlygy – halkymyzyň bagtyýarlygy» atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň maksady – hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk syýasatynyň, hemişelik Bitaraplygyň ähmiýetini giňden wagyz etmek, ýaş nesillerde watana bolan söýgini, döredijilikli zähmete bolan höwesi we jogapkärçiligi pugtalandyrmak boldy.
Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň ösüş ýolunyň binýadynyň parahatçylyk, dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtadylar. Türkmen Bitaraplygy öz köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Bitarap Türkmenistan”, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” ýaly ajaýyp kitaplarynda türkmen Bitaraplygynyň taryhy we medeni kökleri giňişleýin, ylmy taýdan esaslandyrylyp beýan edilýär. Bu kitaplarda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri arkaly dünýäde uly abraý gazanandygy aýratyn bellenilýär.
Maslahata gatnaşyjylar çykyşlarynda nygtap geçişleri ýaly, biziň ýurdumyz parahatçylygyň, bagtyýarlygyň we rowaçlygyň mekanydyr. Nirede asuda, parahat durmuş höküm sürse, şol ýerde ösüş we özgerişlikler bolýar. Şonuň üçin hem Türkmenistan häzirki döwürde ýokary depginde ösýän, maksada okgunly özgerýän döwlete öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ildeşlerimiziň her birine bagtly durmuşda ýaşamak, göwün söýen kärinde zähmet çekmek, zehinini, başarnygyny görkezmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň bilim almagy, ylym, sungat, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler üpjün edilýär.
«Ýurdumyzyň rowaçlygy – halkymyzyň bagtyýarlygy» atly maslahat ýokary ruhubelentlikde, döredijilikli pikir alyşmalar bilen geçip, oňa gatnaşyjylarda gülläp-ösýän  Watanymyza, baky Bitaraplygymyza bolan buýsanç duýgularyny has-da pugtalandyrdy. Maslahatyň ahyrynda çykyş edenleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşynyň we ösüşiniň ugrunda dünýä nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler. 

Gülälek AKMYRADOWA, 
“ÜKÇSG” bölüminiň müdiri.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm