Baýramçylyk konserti
Düýn Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň gurnamagyna meşhur türkmen kompozitory Çary Nurymowyň professional eserlerinden düzülen konsert geçirildi. Bu geçirilen konserte Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlary we mugallymlary uly höwes bilen gatnaşdylar. Konsert örän täsirli we gyzykly boldy. Esasan-da “Aşgabat”, “Dessan” konsert No2, “Baýramçylyk uwertýurasy”, “Armanym galdy”, “Fortepiano we orkestr üçin konsert” atly eserleri hem-de türkmeniň ussat dirižýorlary Nury Muhyýew, Döwletmämmet Ökdirow, Kowus Bäşimowyň ussatlygy bizde uly täsir galdyrdy.
“Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň
III ýyl talyby Aýgül NURLYÝEWA