Okuw-usuly geňeş
14-nji noýabrda Arkadag, Aşgabat we Ahal welaýatlarynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw-usuly geňeş Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde geçirildi.
Geňeşde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi hem işjeň gatnaşdy. Mekdebiň usulýetçisi Annabegi Emirgulyýewa “Taýýarlanylýan orta hünär bilimli hünärmene bildirilýän talaplary berjaý etmek, olarda toparlaýyn işlemek, dürli ýagdaýlarda dogry çözgütleri, serişdeleri dogry peýdalanmak endikleri kemala getirmek babatynda amala aşyrylmaly işler” atly tema bilen çykyş etdi.
Çykyşda häzirki zaman hünärmenleriniň taýýarlanylyşynda:
- Toparlaýyn işlemek ukybynyň ösdürilmegi,
- Ýagdaýlara laýyk çözgüt tapmak endiginiň berjaý edilmegi,
- Resurslardan netijeli peýdalanmak tejribesiniň ornaşdyrylmagy,
- Talyplaryň döredijilikli pikirlenmek we jogapkärli çemeleşmek mümkinçilikleriniň giňeldilmegi ýaly meseleler aýratyn nygtaldy.
Geňeşde orta hünär okuw mekdepleriniň usulýetçileri we mugallymlary özara tejribe alyşdylar, täze usulyýetleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle duşuşyklar ýurdumyzyň bilim ulgamynda innowasion çemeleşmeleri ösdürmekde, ýaş hünärmenleri döwrebap taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýedir.