Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň konserti geçirildi
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebimizde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary we mugallymlarynyň gatnaşmagynda gyzykly hem-de täsirli konsert geçirildi. Çäre ýurdumyzyň sungat ulgamynda giňden tanalýan ussat mugallymlaryň, şeýle hem zehinli ýaş döredijileriň çykyşlary bilen baýlaşdy.
Konsertiň dowamynda dürli saz gurallarynda ýerine ýetirilen klassiki we häzirki zaman eserleri, şeýle hem döredijilik boýunça çykyşlar tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy. Konsertiň medeni ähmiýeti, okuwçylaryň sungata bolan höwesini artdyrmakda we olaryň döredijilik dünýäsini giňeltmekde uly ähmiýete eýe boldy.
Sungat mekdebiň mugallymlary we talyplary konserwatoriýanyň döredijilik toparyna döredijilikli çykyşlary we hoşniýetli sapary üçin minnetdarlyk bildirdiler. Şeýle çäreler geljekde-de dowam eder diýip umyt edýäris.