OKUW-USULY MASLAHAT

        Indra Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurnamagynda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we “Saglyk” Döwlet Maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan – parahatlyk mekany, Bitaraplyk – Watan şöhraty-şany” atly Arkadag,  Aşgabat  şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta  hünär  okuw  mekdepleriniň arasynda geçirilen okuw-usuly maslahatynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Annaýewa Selbi “HALKARA SYÝASATYNDA TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ OTUZ ÝYLLYGY” atly temasy bilen çykyş etdi.  Maslahatyň dowamynda ýörite sungat mekdebiniň “Kirişli saz gurallary” orkestri ajaýyp eserleri ýerine ýetirdiler. Maslahata gatnaşyjylar we talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm