"Fortepiano" bölüminiň talyplarynyň konserti
Gül Watanymyzyň tebigaty islendik sungat adamsynyň kalbyny heýjana goýýar. Şeýle günlerden hem güýz paslynyň 21-ne Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebimiziň "Fortepiano" bölüminiň talyplary Kaşamowa Selbi, Nepesow Gurbandurdy, Jumaýew Eşret hem-de "Aýdym aýtmak sungaty" bölüminiň talyby Ataýew Şazada, mekdebimiziň ýaş mugallymy Baýramowa Täzegül dagy Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde "Şanly Bitaraplygymyzyň 30" ýyllygyna mynasybetli konsert geçirdiler. Konserdiň dowamynda "Fortepiano" bölüminiň talyplary türkmen hem-de daşary ýurt kompozitorlarynyň ýazan ajaýyp sazlaryny hem-de wokal žanrlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Olaryň içinde: N.Halmämedowyň "Elegiýasy", F.Listiň "Rapsodiýasy", F.Şopeniň çylşyrymly "Etýudlary", hem-de wokal žanrlaryndan S.Rahmaninowyň "Son" romansy, S.Rahmaninowyň "Полюбила я на печаль свою" romansy J.Werdiniň "Trawiata" operasyndan Wiolettanyň ariýasy, N.Halmämmedowyň "Gözel Şirgazy" aýdymy talyp ýaşlar başardygyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler hem-de gyzgyn alkyşlanma bilen garşylandylar.
Konserdiň ahyrynda ýadygärlik surata düşülip Ahal welaýat ýörite sungat mekdebi Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlaryna hem-de talyplaryna uly minnetdarlyk bildirdiler.
"FORTEPIANO" bölüminiň
bölüm müdiri Türjanowa Lälezar