Ösümlikleriň adamyň ýaşaýşyndaky daşky ekologik ähmiýeti
Ösümlikler adamyň gündelik durmuşyndaky orny we ähmiýeti örän uly. Ýaşyl ösümlikler ynsanyň özüniň we onuň idedýän, köpeldýän haýwanlarynyň kadaly ýaşamagy üçin zerur hasaplanýan amatly tebigy gurşawy döredýärler. Olar dürli görnüşdäki tebigy organiki maddalaryň egsilmez hazynasy bolup hyzmat edýärler. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, Ýer togalagynyň ösümlik örtügi bir ýylyň dowamynda ynsanyň ýaşaýşy üçin zerur bolan organiki maddalaryň 177 million tonnasyny öndürýär. Tebigy ösýän we ynsan elleri bilen döredilen emeli tokaýlar howa şertlerine (klimata), topraga, haýwanat dünýäsine we biosferanyň beýleki düzüm böleklerine uly täsirini ýetirýär.
Türkmenistanda asyrlaryň dowamynda agaç oturtmak her bir türkmeniň ahlak borjy hasaplanypdyr. Durmuşyň bezegi bolan bagy ekmek, oňa ideg edip ösdürip ýetişdirmek iň parz, asylly işleriň biri bolup durýar. Ata-babalarymyz köp asyrlaryň dowamynda derde derman ir-iýmişli, behişdi miweli baglaryň ýetişdirmegiň esasy borçlary hasaplapdyrlar.
Şeýle ugurlardan peýdalanyp şu gün şenbe günüň 22-ne “Fortepiano”, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölümleriniň talyplary ýowara çykdylar. Talyplar baglaryň derslerini çalşyryp, ösümlikleriň ýapraklaryny arassalap hem-de gyzlar talyplary arassaçylyk işlerini geçirdiler. Talyp oglanlar baglary suwaryp, bağlarda bar bolan haşal otlaryndan arassaladylar.
Gül Watanymyzy, Arkadag şäherimizi bagy-bossanlyga öwürmek biz talyp ýaşlaryň hem borjudyr.
“Fortepiano” bölüminiň II ýyl
talyby Kaşamowa Selbi