Arkadagly Serdara şöhrat

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi bilen Arkadag teleýaýlymyň bilelikdäki döredijilik işi täze bir ugur açdy. Mekdepde bilim alýan ýaş zehinler bilen teleýaýlymyň tejribeli işgärleri bilelikde täze alkyşnama aýdymyny ýazgy taýýarladylar. Bu iş diňe bir saz sungatynyň ösüşine däl, eýsem ýaşlaryň döredijilik mümkinçilikleriniň giňelmegine hem hyzmat edýär.
Bu bilelikdäki taslamanyň esasy maksady ýaşlary döredijilige höweslendirmek, sungatyň dürli ugurlaryny birleşdirip täze tejribeler döretmekdir. Şeýle hem Arkadag şäheriniň medeni durmuşynda täze öwüşgin döretmek, sungatyň we teleýaýlymyň hyzmatdaşlygynyň netijeliligini görkezmekdir.  
Täze şekilli aýdym ýazgy Arkadag şäheriniň döredijilik giňişliginde möhüm waka boldy. Sungat mekdebi bilen teleýaýlymyň hyzmatdaşlygy ýaşlaryň zehinini açyp görkezmek bilen bir hatarda, milli medeniýetiň döwrebap görnüşde ösdürilmegine hem goşant goşdy.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm