KAMERA ORKESTRI TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝANYNDAKY DÖWLET GULLUGY AKADEMIÝASYNDA

Halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan Hemişelik Bitaraplyk baýramynyň şanly 30 ýyllygy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda dabaraly aýdym-sazly çäre guraldy. Baýramçylyk ruhuna beslenen bu çärede Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň Kirişli saz gurallary bölüminiň Kamera orkestri çykyş etdi.
Çärä Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri, mugallymlary hem-de ýolbaşçy düzümi gatnaşdylar. Sahnada Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň ussat mugallymlary we zehinli talyplary çykyş edip, dürli döwürlere hem-de milletlere degişli baý aýdym-saz mirasyny diňleýjilere ýetirdiler.
Konsert maksatnamasynda türkmen we daşary ýurt nusgawy kompozitorlarynyň döredijiliginden saýlanan instrumental eserler, şeýle hem dünýäniň meşhur kinofilmlerinden belli aýdym-sazlar ýaňlandy. Orkestriň ýerine ýetirmeginde kalba ýakyn türkmen milli döredijilik nusgalarynyň, halk aýdym-sazlarynyň täzeçe döwrebap işlenen görnüşleri diňleýjilere ýetirildi. Daşary ýurt kompozitorlarynyň sazlary bolsa konsert meýilnamasyna uly öwüşgin berip, halkara saz sungatynyň dürli reňkleriniň utgaşygyny görkezdi.
Diňleýjiler orkestriň ýerine ýetiriş ussatlygyna, sazandalaryň hem-de oňa gatnaşanlaryň tejribe we zehin ukybyna ýokary baha berdiler. Çykyşlaryň dowamynda orkestriň sazlaşykly we ýokary ýerine ýetirijilik derejesini, hem-de giň repertuaryň ussatlyk bilen saýlanandygyny görmek bolýar. 
Bu konsert sungatyň birleşdiriji güýjüni, ýaşlaryň döredijilik zehinini we milli-nusgawy mirasymyzyň belentligini ýene bir gezek görkezdi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan bu dabaraly çykyş diňleýjileriň kalbynda ýakymly täsirler galdyryp, baýramçylygyň ruhuna ruhubelentlik paýlady.
Dabaranyň ahyrynda konserti ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge ýardam berendigi üçin, mekdebiň direktory Nurmyradow Röwşen Muhammetgulyýewiçe, sahnada görkezen ýokary derejeli ussatlygy üçin mekdebiň mugallymy, «Kamera orkestriniň» çeper ýolbaşçysy we dirižýory Saparalyýew Guwançmuhammet Gurbanmuhammedowiçe şeýle hem, «Kirişli saz gurallary» bölüminiň «Kamera» orkestrine Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory Alym Annamyradow tarapyndan hormat hatlary gowşuryldy. Bu bolsa, mekdepde zähmet çekýän talyplary we mugallymlary diýseň begendirdi, buýsandyrdy. 

«Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» bölüminiň müdiri Gülälek AKMYRADOWA.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm