«Türkmen bagşyçylyk mekdebiniň dowamaty — ýaşlaryň sahnadaky ussatlygy»
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Aşgabat, Arkadag şäherleri hem-de Ahal welaýatyndaky ýörite sazçylyk orta hünär okuw mekdepleriniň zehinli talyplarynyň arasynda dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungaty boýunça “Oglan bagşy” atly bäsleşik ýokary ruhubelentlikde geçirildi. Bu bäsleşik türkmen halkynyň nusgawy bagşyçylyk mekdebiniň görnükli wekili, halypa bagşy Sahy Jepbarowyň doglan güniniň 120 ýyllygynyň hormatyna guralyp, onuň ömri we döredijiligi baradaky beýik hatyrany ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmekde aýratyn ähmiýetli boldy.
Bagşyçylyk sungaty boýunça gatnaşyjylar bäsleşigiň şertine laýyklykda ussat halypanyň döreden aýdymlaryndan birini hem-de türkmen halk sazyny ýerine ýetirdiler. Dutarda ýerine ýetirijilik boýunça gatnaşyjylar hem öz gezeginde bir türkmen halk sazyny şeýle hem fortepiano we dutar üçin täzeden işlenen halk sazlaryny ýerine ýetirdiler.
Bäsleşik Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň giň hem-de döwrebap sahnasynda geçirildi. Oňa gatnaşyjylar dutaryň inçe owazly aýratynlyklaryny we milli bagşyçylyk ýörelgelerini özboluşlylykda açyp görkezmäge çalşyp, dürli döredijilik usullary arkaly öz sungat başarnyklaryny sergilediler.
Eminler topary çykyşlary ýerine ýetirilişiň ussatlygy, ses we saz utgaşyklylygy, milli ýörelgelere laýyklyk hem-de sahna medeniýeti ýaly ugurlar boýunça bahalandyryp, her bir gatnaşyjynyň döredijilik mümkinçiliklerini seljerdi. Emin agzalarynyň çykaran netijesinde laýyklykda dutarda ýerine ýetirijilik boýunça I orun Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň I ýyl talyby Hommat Hudaýnazarow, II orun Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň III ýyl talyby Didar Guwançmyradow, III orun Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň III ýyl talyby Bilbil Durdyýewa mynasyp boldular. Höweslendiriji baýraklara Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň III ýyl talyby Aýgül Annamyradowa we Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň III ýyl talyby Sapa Altyýew mynasyp boldular. Bagşyçylyk sungaty boýunça I orun Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň III ýyl talyby Merjen Amandurdyýewa, II orun Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň II ýyl talyby Selim Bagşyýew, III orun Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň II ýyl talyby Leýli Orazgulyýewa, höweslendiriji baýraklara Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň III ýyl talyby Döwletmyrat Saparmyradow hem-de Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň III ýyl talyby Tylla Tuhyýewa mynasyp boldular.
Bäsleşigiň geçirilmegi ýaşlaryň milli mirasymyza bolan söýgüsini berkitmek bilen bir hatarda, geljekki bagşy-sazandalaryň ýoluna hem uly badalga bolup hyzmat etdi. Şeýle çäreler türkmen halkynyň baý döredijilik ruhuny nesillerden-nesillere geçirmekde örän ähmiýetlidir. Türkmen sazyny dünýä tanadan, bize halypa-şägirtlik ýoluny dikeldip beren, baş halypamyz, Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny ýöredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun! Goý, milli senedimiz bolan dutar-gyjagymyz bagşy-sazandalaryň gollarynda toý baýramlaryň bezegi bolup dursun!
Gülälek AKMYRADOWA,
«Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» bölüminiň müdiri.