Halypa-şägirtlik gatnaşygy...
Türkmen halkynyň gadymy taryhynda halypa – şägirtlik ýoluna uly orun berlipdir. Türkmen milli senetlerimiziň biri bolan dutar saz guraly bize örän gadymy döwürlerden miras galypdyr. Milli senedimize ussatlyk bilen erk eden, türkmen sungatynyň taryhynda altyn harplar bilen yz galdyran ussat halypalarymyzyň ýerine ýetirijilik ýollaryny häzirki döwrüň halypa bagşy – sazandalary mynasyp dowam etdirýärler. Şeýle ussatlarymyzyň biri hem halypa bagşymyz Sahy Jepbarowyň sazandasy hem – de şägirdi Akmyrat Çaryýewdir.
Asudalygyň, abadanlygyň mekany bolan gözel ýurdymyzda, Şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň uly dabara bilen bellenilýän günlerinde, Käpetdagyň etegini bezäp otyran gözel Arkadag şäherinde ýerleşýän, mukamçy kompazitor, ussat halypa – bagşymyz Sahy Jepbarowyň adyny göterýän Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde dutar senediniň ussatlarynyň biri, Sahy aganyň ýoluny dogam etdiriji halypa sazanda Akmyrat Çaryýew myhmançylykda bolup, talyp ýaşlarymyza özüniň halypalyk maslahatlaryny berdi. Akmyrat Çaryýew berilen birnäçe sowallara gyzykly maglumatlar we öwüt – ündewler bilen jogap berdi.
- Hormatly halypa siziň halypaňyz Sahy aganyň öz halypasy Hally bagşy bilen nähili ýagdaýda tanyşypdyr?
- Men Sahy aganyň ýanynda 11 ýyl sazandasy hem şägirdi boldum. Şonda maňa ol öz halypasy Hally bagşy bilen bir toýda märekede aýdym aýdyp otyrka tanyşanlygy barada gürrüň berdi. Sahy Jepbarowa oglan bagşy diýler ekeni. Şonda “Oglan bagşada aýdym aýtdyralyň” diýip halkyň islegi boýunça Sahy bagşa aýdym aýtdyrypdyrlar. Haly bagşynyň ýaş Oglan bagşy Sahy Jepbarowyň aýdym aýdyşyna göwni ýetip, ony şägirdi edip ýanyna alypdyr. Ine şeýdip Sahy Jepbarow Hally bagşy bilen tanyşýar we şägirdi bolýar.
- Siziň durmuşyňyzda saz sungatyndan başgada kino sungaty bilen hem baglanyşygyňyz bolupdyr. “Mukamyň syry” atly kinofilimde Döwranyň keşbini ýerine ýetirmegiňize näme sebäp boldy?
- Men aslynda Alty Garlyýewiň haýyşty boýunça Karkaranyň keşbini ýerine ýetirýän Ýelizawetda Garaýewa dutar saz guralynda saz çalmagy öwretmelidim. Birdenem Alty Garlyýew meniň Döwranyň keşbinde oýnamagymy mynasyp gördi. Men başarmajagmy aýtsamda, ol maňa “Maňa bu filimde keşip möhüm däl, saz möhüm” diýdi. Şeýdibem men “Mukamyň syry” atly kinofilimde Döwranyň keşbini ýerine ýetirdim.
- Halypa Sahy Jepbarowyň sazandasy bolan ýyllarňyzdaky wakalar sizde nähili täsir galdyrdy?
- Halypam Sahy jepbarow maňa durmuş ýolundan gyzykly gürüňleri bererdi. Onuň her bir aýdýan sözi meň dünýägaraýşymy has – da giňeltýärdi. Men Sahy aganyň ýanynda sazandarlyk edemde menden başga – da Ata Ablyýew hem halypa sazandarlyk edýärdi. Şonda bir gezek Sahy halypa “Bagşy aýdym aýdanda asmanda uçýan guşlar kimindir. Bagşynyň sazandalary bolsa onuň ganatlarydyr. Eger ganatlaryň biri aşakda, beýlekisi bolsa ýokarda bolsa, onda bagşynyň aýdym aýdyşy göwne jaý bolmaz. Şonuň üçin hem sazandalar ylalaşykda bolmaly” diýipdi. Şol sözi men ömrümiň dowamynda hiç ýatdan çykarmadym.
Hormatly halypamyz Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň uly mugallymy Akmyrat Çaryýewe Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebine gelip gyzykly gürrüňleri, maslahatlary berenligi üçin köp sagbolsyn aýdýarys. Halypa Akmyrat Çaryýewe ýaşlara dutar senediniň inçe syrlaryny öwretmekde, ýaş sazandalary, bagşylary ýetişdirmekde mundan beýläk hem uly üstünlikleri arzuw edýäris.
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň
III ýyl talyby Altynaý Ataýewa.