Tertip-düzgün we howpsuzlyk boýunça wagyz - nesihat çäresi

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde şu gün möhüm çäre geçirildi. Çäräniň maksady — Bitaraplyk we Täze ýyl baýramçylyklary mynasybetli jemgyýetde tertip-düzgüni berkitmek, şeýle hem partlaýjy serişdeleri ulanmazlyk baradaky düşünjeleri wagyz etmekden ybarat boldy.  
Polisiýa wekilleri hem-de beýleki ýerli guramalaryň wekilleri talyplara tertip - düzgüni berjaý etmek barada çykyş etdiler. Olar jemgyýetde howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň ähmiýeti, tertip-düzgünlere berk eýermegiň zerurlygy barada gürrüň berdiler.  
Duşuşykda:  
- Baýramçylyk çärelerinde jemgyýetçilik tertibiniň berjaý edilmegi,  
- Partlaýjy serişdeleriň ulanylmagynyň öňüni almak,  
- Ýaşlaryň hukuk we jogapkärçilik duýgusyny ösdürmek ýaly meseleler giňişleýin beýan edildi.
Çykyş edenler, Bitaraplyk we Täze ýyl baýramçylygynyň parahatçylyk, dostluk we agzybirlik baýramydygyny nygtadylar. Şeýle-de, ýaşlaryň döredijilik bilen meşgullanmagy, jemgyýetde sagdyn we howpsuz durmuş ýörelgelerini berkitmek üçin şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygy bellenildi.  

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm