Aýdym-sazly baýramçylyk çäresi
5-nji dekabrda Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Bitaraplyk – parahatçylygyň, jebisligiň mizemez binýady” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu dabaraly çäre ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetini, halkymyzyň jebisligini we parahatçylyk ýörelgelerini giňden wagyz etmek maksady bilen guraldy.
Çäräniň dowamynda sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, edebi çykyşlary we döredijilik kompozisiýalary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Baýramçylyk ruhy muzeýiň giň zalynda belentden ýaňlanyp, gatnaşyjylaryň ýüreklerine buýsanç we ruhubelentlik bagyş etdi.
Bu şowhunly çärä Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary hem işjeň gatnaşdylar. Olar özleriniň ýerine ýetiren sazlary we çykyşlary bilen dabaranyň mazmunyny has-da baýlaşdyryp, ýaş nesiller üçin döredijilik we watançylyk göreldesini görkezdiler.
Arkadag şäherinde guralan bu çäre ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň halkymyzyň kalbynda mizemez binýat bolup orun alandygyny, jebisligiň we parahatçylygyň hem-de döredijiligiň hemişe öňde tutulýandygyny ýene bir gezek subut etdi.