Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan talyplaryň sergisi

Bu sergide dizaýn ugurlarynda bilim alýan talyplaryň döredijilik eserleri giň köpçülige hödürlendi. Dürli temalarda ýerine ýetirilen suratlar, kompozisiýalar we döwrebap dizaýn işleri talyplaryň çeper pikirlenşiniň, zähmetiniň hem-de gözlegleriniň netijesini açyk görekzdi.

 Sergide milli ruh, däp-dessurlar, häzirki zaman sungaty bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, her bir eser özboluşly stil we çuň many bilen tapawutlandy. Reňkleriň sazlaşygy, mazmunyň çuňlugy we pikirlenişiň giňligi tomaşaçylaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. 

Bu sergi ýaş dizaýnerleriň döredijilik mümkinçilikleriniň ýokary derejededigini görkezmek bilen, olaryň geljekde hünär taýdan ösmegine uly itergi berdi. Tomaşaçylar üçin hem bu sergi ruhlandyryjy we täsirli medeni waka boldy.   

Sergide aýratyn orun alan eserleriň bir bölegi Türkmenistanyň hemmişelik Bitaraplyk syýasatyna bagyşlandy. Bu işler arkaly talyplar parahatçylyk, dost-doganlyk, ynsanperwerlik we ýurtlaryň arasynda agzybirlik ýaly gymmatly düşünjeleri çeper serişdeleriň üsti bilen beýan etdiler. Bitaraplygyň mazmuny suratlarda çuň many bilen açylyp, tomaşaçylarda watançylyk duýgusyny hem-de bu syýasata bolan buýsanjy artdyrdy.  


“Nakgaşçylyk” bölüminiň    

Mugallymy: Annaýewa Selbi



Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm