Şanly baýrama – Şa serpaýy
Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow biz ýaşlara okamaga ençeme kitaplary peşgeş berýär. Olardan 2023-nji ýylda bize gelip gowşan “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitaby biz ýaşlar üçin edep-tebiýe mekdebine öwürildi.
Ýaňy ýakynda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz 6-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpçin etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilýär. Şeýle hem onda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň, gazanan üstünliklerimiziň jemi jemlenýär. Şoňa görä-de, bu kitap mähriban halkymyza sowgat bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Döwlet Baştutanymyzyň täze kitabyn 9 bölümden ybarat bolup, onda türkmen Bitaraplygynyň geçen ýolunyň, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpçin etmekdäki ähmiýetiniň giňden beýan edilendigi nygtalýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy 30 ýylyň içinde özboluşly ösüş ýoluny geçip, sebit we ählumumy derejede durnuklylygy üpjün etmekde ähmiýetli gurala öwrüldi. Şeýle hem ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň häzirki zaman durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady hökmünde ykrar edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby şanly sene mynasybetli baýramçylyk sowgady hökmünde halkymyza peşgeş berendigi üçin halkymyz hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan edýärler. Kitabyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” taryhy resminamalar, gutlaglar, çykyşlar atly jemleýji bölüminde ýurdumyzyň Bitaraplyk ýyllary içinde ýola goýan gatnaşyklaryna, hormatly Prezidentimiziň halkara forumlarda eden çykyşlaryna we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda baglaşylan halkara ylalaşyklara möhüm orun berlipdir. Häzirki döwürde BMG-niň ýurdumyzda işleýän edaralary bilen eneligi we çagalygy goramak, zenanlaryň saglygy, çaga lukmançylygy, bilimi, çagalara durmuş hyzmatlaryny bermek meselelerinde hyzmatdaşlyk etmek hakynda 30-a golaý resminama gol çekildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza baýramçylyk mynasybetli sowgat eden kitabynyň dürli ulgamlarda işleýän hünärmenler, diplomatlar, halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini öwrenýän alymlar, žurnalistler üçin gymmatly gollanma boljakdygyna ynam bildirýäris. Kitap ýokary çaphana usulynda neşir edilip, üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde giň halk köpçüligine ýetirildi. Onuň sahypalarynda şekillendiriş sungatynyň dürli žanrlary boýunça suratlar ýerleşdirilip, kitabyň bezeg aýratynlyklarynа möhüm ähmiýet berlipdir. Döwlet Baştutanymyzyň bu eseri türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelerini esasy ugur edinýän Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetine has giňişleýin düşünmek üçin ygtybarly gollanma bolup hyzmat eder. Şunuň ýaly kitaplaryň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýärin. Biz ýaşlara şunuň ýaly ajaýyp eserlerini okamana uly müňkinçilik döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlary sag, belent başlary dik bolsun, tutýan tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
ÜKÇSG bölüminiň II ýyl talyby
Nowruz Berdiýew
tel;+99362807587