Aşgabat şäherinde Baky Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabat şäheriniň ajaýyp medeni ojaklarynyň biri bolan Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň hemişelik Baky Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli baýramçylyk konserti geçirildi. Bu dabaraly çäre ýurdumyzyň parahatçylyk, dostluk we ösüş ýörelgelerine ygrarlylygynyň dabaralanmasy hökmünde aýratyn ruhubelentlikde geçdi.
Baýramçylyk konsertine ýurdumyzyň dürli künjeklerinden sungat işgärleri, döredijilik toparlary we ýaş zehinler gatnaşdy. Sahnada milli we häzirki zaman sungatynyň sazlaşykly utgaşmasy, ýurdumyzyň ösüş ýoluny, halkymyzyň agzybirligini we döredijilik ruhuny wasp edýän çykyşlar görkezildi.
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary hem dabara tomaşa etmäge gatnaşdylar. Baky Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu konsert Aşgabat şäheriniň medeni durmuşynda möhüm orun eýeledi. Konsertiň dowamynda ýurdumyzyň parahatçylyk syýasatynyň, halkymyzyň agzybirliginiň we döredijilik ruhunyň beýany bolan çykyşlar görkezildi. Şeýle çäreler ýaş nesliň watansöýüjilik duýgularyny berkitmäge, milli sungaty ösdürmäge we täze zehinleri ýüze çykarmaga uly itergi berýär.