Ýaş zehinleriň sungat dünýäsi

Berkarar Döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Arkadag şäherindäki Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde ýaş zehinleriň döredijilik sergisi dabaraly ýagdaýda açyldy.Bu sergi nakgaşçylyk bölüminiň mugallymy Leýli Orazlyýewanyň ýolbaşçylygynda biziň dört sany talyp deň duşlarymyz Annanurowa Gülnabat, Kyýasowa Bahargül, Amanliýewa Sülgün Ýolamanow Atamyrat bilen bilelikde guran döredijilik işimiziň netijesi bolup, sungata bolan söýgimiziň we yhlasymyzyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Sergi her birimiziň özboluşly çeper dünýägaraýşy döredijilik usuly hem-de pikir baýlygyny açylyp görkezildi. Eserlerde milli gymmatlyklarymyz, kompazisiýa çözgütleri hem-de temalaryň köpdürliligi  sergä gelen myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Bu sergi biziň üçin diňe bir eserleri görkezmek  bilen çäklenmän, eýsem tejribe alyşmak, özara pikir paýlaşmak hem-de täze döredijilik gözleglerine itergi bermek üçin hem uly mümkinçilik boldy. Biz ýaşlara şular ýaly okamaga, döretmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun!
“Nakgaş” bölüminiň II ýyl talyby
Annanurowa Gülnabat

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm