DARYA Scaffold taslamasynyň Türkmenistanda peýdalanylşy bilen bagly tejribeleri paýlaşmak üçin webinar

2025-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Gazagystanyň bilelikde gurnamagynda DARYA scaffold taslamasynyň Türkmenistanda peýdalanylyşy bilen bagly tejribeleri paýlaşmak maksady bilen ilkinji sanly ulgam arkaly webinar geçirildi. 
Bu halkara derejeli çäre bilim ulgamynda täzeçil usullary ornaşdyrmak, sanly mümkinçilikleri giňeltmek hem-de tejribe alyşmak üçin möhüm ädim hökmünde gurnaldy. Webinarda çykyş edenler DARYA scaffold taslamasynyň mazmuny, onuň bilim beriş ulgamynda ulanylyş aýratynlyklary, şeýle hem talyplaryň döredijilik we tehniki başarnyklaryny ösdürmekdäki ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berdiler. 
Türkmenistanda bu taslamanyň ornaşdyrylmagy sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegine, interaktiw okuw serişdeleriniň taýýarlanylmagyna hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň berkemegine ýardam edýär. 
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi hem sanly ulgam arkaly bu webinara gatnaşdy. Mekdebiň mugallymlary we işgärleri taslamanyň mümkinçilikleri bilen tanyşyp, öz tejribelerini paýlaşdylar. Sungat mekdebiniň gatnaşmagy ýurdumyzyň döredijilik ugurly bilim edaralarynyň hem halkara taslamalara işjeň gatnaşýandygyny görkezýär.  
Bu webinar diňe bir tejribe alyşmak üçin däl, eýsem Türkmenistanda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegine täze mümkinçilikleriň açylýandygyny hem görkezdi. Geljekde şeýle çäreleriň dowamly geçirilmegi ýurdumyzyň bilim ulgamynyň halkara derejesinde has-da giňelmegine we täzeçil tejribeleri ornaşdyrmagyna mümkinçilik berer.  

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm