Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli, sungat ussatlarymyza bagyşlap geçirilen döredijilikli gepleşik.
Türkmen halkyny bedew batly, şan şöhratly ýollarda, ösüşlerden – ösüşlere, belentliklerden – belentliklere tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak wakalara beslenýär. Maşgala baýramçylygy bolan Täze ýyl baýramçylygyna uly dabara bilen taýýarlyk görülýän günlerimizde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde, dekabr aýynyň 8 – ne ýörite sungat mekdebiniň kitaphana bölüm müdiri Hurma Orazmuhammedowanyň we “Arkadag” teleýaýlymynyň gurnamagynda “Arkadag şäheri, bagtyň şäheri” atly gepleşigiň Täze ýyl baýramçylygy sanynda sungat ussatlarymyza bagyşlap döredijilikli gepleşik geçirildi. Baýramçylyk gepleşigi dekabr aýynyň 18 – ne teleýaýlymda goýberildi. Gepleşikde “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymlary Aýgül Akmämmedowa, Ogulnabat Meretgulyýewa dagylar sungat ussatlarynyň biri bolan kompozitor Nury Halmämmedow barada gyzykly gürrüňler berdiler. Şeýle-de, ýörite sungat mekdebimizde biz talyp ýaşlara öwredilýän gyzykly sapaklarymyz dogrusynda belläp geçdiler. Mundan başga-da Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebimiziň döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde nusgawy sazlar hem – de ýurdumyzy wasp edýän syýasy aýdymlar ýaňlandy. Galyberse-de “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň talyby Altynaý Ataýewa we “Dizaýn” bölüminiň talyby Ogulşat Saparowa özleriniň döredijilik ýollary we ýurdumyzyň ösüşleri barada ajaýyp gürrüňleri berdiler, mundan başga – da Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýürek arzuwlaryny we gutlaglaryny beýan etdiler.
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň III ýyl talyby
Altynaý Ataýewa.