«Arkadag» futbol kluby AFK Çempionlar ligasy 2-niň pleý-offuna ýollama aldy.

2025-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Arkadag şäheriniň göwünleri galkyndyrýan sport ojagy — Arkadag stadionynda möhüm duşuşyk geçirildi. AFC Champions League 2-niň çäginde ýurdumyzyň “Arkadag” futbol topary Bahreýniň “Al Haldiya” topary bilen güýç synanyşdy. Ýaryşyň jogapkärli pursatlarynda ýurdumyzyň topary ýokary ussatlygyny görkezdi we duşuşyk 1:0 hasaby bilen “Arkadag” toparynyň peýdasyna tamamlandy.
Duşuşyk Arkadag şäheriniň stadionynda geçirildi. 45-nji minutda ýeke-täk goluň awtory Ýazgylyç Gurbanow boldy.
Duşuşygyň ilkinji ýarymynda toparymyzyň oýny has işjeňlik bilen dowam etdi. Ýarym tamamlanmazdan öň, “Arkadag” toparynyň oýunçysy Ýazgylyç Gurbanow derweze ýoluny takyk tapyp, duşuşygyň ýeke-täk we ýeňiş getiren goluny geçirdi. Bu gol tomaşaçylaryň ruhuny has-da göterip, stadionda baýramçylyk äheňini döretdi.
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary we mugallymlary oýna gatnaşyp, ýurdumyzyň toparyna ruhy goldaw berdiler. Sungat işgärleriniň we döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň sporta bolan gyzyklanmasy hem-de milli toparymyza bildirýän goldawy stadionda aýratyn joşgun döretdi.
Talyplar we mugallymlar duşuşygyň dowamynda döredijilikli ruhy, tertip-düzgünliligi we joşgunly el çarpyşmalary bilen toparymyzyň oýunçylaryna güýç-kuwwat goşdular. Şeýle goldaw diňe bir sportuň ösüşine däl, eýsem Arkadag şäherinde ýaşlaryň watançylyk, agzybirlik we ruhy kämillik ýörelgeleri bilen terbiýelenmegine hem uly goşant goşýar.
Ugurdaş oýunda Kataryň «Al-Ahli» kluby öz meýdançasynda Özbegistanyň «Andižan» toparyny 2:0 hasabynda utdy.
Toparlaýyn tapgyryň jemi boýunça B toparçada birinji orny 10 utuk bilen «Al-Ahli» eýeledi. Türkmen topary 7 utuk ýygnap, «Al-Haldiýadan» (6 utuk) we «Andižandan» (5 utuk) öňe geçdi.
«Arkadag» toparynyň ikinji orundan çykmagynyň gyzykly bir tarapy bar. Ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, Günbatar zolagyň toparçalarynda ikinji orny eýelän toparlar 1/8 finalda bu zolagyň beýleki toparçalarynyň ýeňijileri bilen duşuşýar. Şeýlelikde, «Arkadag» toparynyň indiki bolup biljek garşydaşlary Emirlikleriň «Al-Wasl», Iordaniýanyň «Al-Husseýn» klublary we Kriştianu Ronaldu bilen saud «Al-Nasry» hasaplanýar. Ýyldyz futbolçynyň kluby bilen duşuşmak ähtimallygy 1/3 deň.
Pleý-off tapgyrynyň bije çekilişigi 30-njy dekabrda geçiriler. 1/8 finalyň oýunlary 2026-njy ýylyň 10-11 we 17-18-nji fewralynda bolar.
Belläp geçsek, 2023-nji ýylda esaslandyrylan «Arkadag» topary Aziýanyň ikinji uly klub kubogynyň pleý-offuna ilkinji gezek çykdy. Ozal topar AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýeňijisi bolupdy. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm