Bölümleriň Täze ýyla beslenen konserti
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde "Fortepiano" we "Kirişli saz gurallary" bölümleriniň hasabat konserti geçirildi.
"Fortepiano" hem-de "Kirişli saz gurallary" bölümleriniň talyplary tarapyndan taýýarlanan bu döredijilik konserti täze ýylyň ilkinji hoşniýetli ädimleriniň biri hökmünde sungat muşdaklarynda uly täsir galdyrdy.
Konsertiň maksady talyplaryň birnäçe aýyň dowamynda alan bilimlerini, sazçylyk taýýarlygyny we sahna medeniýetini giň jemgyýetçilige görkezmekden ybarat boldy. Şeýle-de bu çäre ýaş zehinleriň döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmek, olaryň sungata bolan höwesini has-da artdyrmak babatda möhüm ähmiýete eýe boldy.
"Fortepiano" bölüminden joşgunly çykyşlar.
Konsertiň ilkinji bölegi "fortepiano" bölümine degişli çykyşlar bilen başlandy. Talyplar klassik eserlerden başlap, dürli žanrlarda ýerine ýetiren çykyşlary bilen tomaşaçylaryň alkyşyna mynasyp boldular.
Sazandalaryň her biriniň ýerine ýetiriş ussatlygy, ritm we dinamika boýunça çuňňur duýgusy, şeýle hem sahnadaky ynamly çykyşlary olaryň çeken yhlasly zähmetiniň miwesidigini görkezdi.
"Kirişli saz gurallary" bölüminden ruhy täsirli çykyşlar.
Konsertiň dowamyndaky "Kirişli saz gurallary" bölümine degişli çykyşlar bolsa konserte aýratyn ruhy täsir we liriki öwüşgin çaýdy.