Bitaraplyk binasynyň muzeý gymmatlyklaryna gezelenç: sungat mekdebiniň talyplary üçin täsirli sapak
Arkadag şäherindäki Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplary we mugallymlary üçin döredijilik we terbiýeçilik ähmiýeti ýokary bolan nobatdaky çäre geçirildi. Olar “Bitaraplyk binasynyň muzeý gymmatlyklaryna gezelenç edip, ýurdumyzyň baky Bitaraplyk syýasatynyň taryhy, ähmiýeti hem-de onuň milli ösüşdäki orny bilen ýakyndan tanyş boldular.
Gezelenjiň dowamynda talyplar Bitaraplyk binasynyň içinde ýerleşýän muzeýiň gymmatly eksponatlaryny synladylar. Bu ýerde ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň ösüş ýoluny, dünýä bileleşigi bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanyşyny, şeýle hem Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini beýan edýän şekiller, resminamalar, diplomatik sowgatlar we taryhy maglumatlar toplumy görkezildi.
Mugallymlar bu gezelenjiň ýaş döredijiler üçin aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belläp geçdiler. Sebäbi sungat ugrundan bilim alýan ýaşlar üçin Watanyň taryhyny, döwlet syýasatynyň many-mazmunyny we milli gymmatlyklary çuňňur düşünmek döredijilik gözýetimini giňeldýär, täze eserler üçin ylham berýär.
Talyplar hem öz gezeginde muzeýde görlen gymmatlyklaryň olaryň dünýä garaýşyny baýlaşdyrandygyny, Bitaraplygyň diňe syýasy ýörelge däl-de, eýsem, halkymyzyň parahatçylykly durmuşynyň binýady bolup durýandygyny nygtadylar.
Bu gezelenç Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebinde alnyp barylýan terbiýeçilik we medeni çäreleriň möhüm bölegi bolup, ýaşlaryň watansöýüjilik duýgularyny berkitmäge, taryhy mirasa hormat goýmak ýaly gymmatlyklary ösdürmäge hyzmat etdi.