Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsert

Şu gün Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde Täze ýylyň gelmegi mynasybetli şatlykly we ruhubelent baýramçylyk dabarasy geçirildi. 

Baýramçylygyň ilkinji pursatlarynda çagalaryň köpden bäri garaşan myhmanlary — Aýaz baba we onuň agtygy Garpamyk sahna çykdy. Olar çagalaryň Täze ýyl arzuwlaryny diňläp, her birine aýratyn üns berdiler. Çagalaryň aýdyp beren gutlaglary, arzuwlary we döredijilikli çykyşlary baýramçylygyň ilkinji bölegine aýratyn ýylylyk we mähir çaýdy.

Dabara dowam edende bolsa, sungat mekdebiniň zehinli talyplary tarapyndan taýýarlanan baýramçylyk konserti tomaşaçylara hödürlendi. Konsert maksatnama dürli görnüşli çykyşlara baý bolup, oňa saz, aýdym, tans hem-de sahna oýunlary girizildi. Talyplaryň ýerine ýetiren gülküli oýunlary tomaşaçylary şatlandyrdy, olaryň döredijilikli çykyşlary bolsa baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi.

Baýramçylyk dabarasy diňe bir çagalaryň däl, eýsem ähli gatnaşanlaryň ýüreklerinde ýakymly täsir galdyrdy. Täze ýylyň öňüsyrasynda şeýle döredijilikli we ruhubelent çäreleriň geçirilmegi ýaş nesliň zehinini ösdürmäge, olaryň döredijilik ukybyny açmaga hem-de baýramçylyk medeniýetini ösdürmäge uly goşant goşýar.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm