Arkadag şäherinde Täze ýyl baýramy mynasybetli Döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasy geçirildi

    2026-njy ýylyň ilkinji gününde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Arkadag şäheriniň we ýurduň welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagynyň al-asmana galdyrylyş dabaralary geçirildi. 
  Täze ýylyň ilkinji gününde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary Arkadag şäherinde we ýurduň welaýatlarynda baýdak galdyrmak dabaralary bilen başlandy. Munuň özi ýurtda asylly däbe öwrülen çäräniň guramaçylykly geçirilýändigini alamatlandyrdy. Asylly ýörelge dabara gatnaşyjylaryň ruhuny belende göterdi. 
Arkadag şäheriniň Baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagynyň al-asmana galdyrylyş dabaralarysynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyga gatnaşýanlaryň şatlyk-şowhunynyň belent ruha beslenmegine ýardam etdi.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaŷy

Telefon belgiler:
+993 12-57-19-24
Email:
sysm@sanly.tm